Tourlar

 

Syýahat etmekligi halaýanlar üçin Türkmenistanyň meşhur ýerleriniň ählisine – Lebab tebigatynyň geň galdyryjy künjeklerine, Merwiň taryhy ýadygärliklerine, Hazar deňziniň kenaryna we Balkanyň şypaly gözbaşlaryna, gadymy Horezmiň paýtagty – Könürgenje, Awazanyň galalaryna, şeýle hem özüniň häzirkizaman binagärçilik ymaratlary bilen meşhur bolan ak mermerli Aşgabada syýahatlar gurnalýar. 

 

Munuň özi biziň halkymyzyň milli däp-dessurlary bilen tanyşmaklyga, meşhur türkmen halylary, ajaýyp ahalteke bedewleri hakynda giň maglumat almaklyga, Garagumuň ümmülmez çägeleriniň jadyly özüne çekijiligini duýmaklyga, şeýle hem türkmen paýtagtynyň dünýä belli ýadygärliklerini görmeklige mümkinçilik berýär.

 

Daşary ýurt syýahatyny halaýan türkmen syýahatçylary üçin ,,Haryt syýahat” Ýewropanyň köpsanly ýurtlaryna, şeýle hem Taýlanda, BAE, Hindistana, Türkiýä, Russiýa, Ukraina, Hytaýa, Gazagystana, Özbegistana, Azerbaýjana, Belorussiýa wizalary resmileşdirýär we syýahatçylyk ugurlaryny hödürleýär. Häzirki wagtda ,,Haryt syýahat” Ukrainanyň (Truskowes, Morşin), Russiýanyň (Minwody), Azerbaýjanyň (Naftalan) meşhur şypahanalaryna baryp görmekligi hödürleýär.