Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagy

Türkmenistanyň täsin tebigaty, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň syýahatçylyk-şypahana pudagy bu gün dünýäniň üns merkezinde. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha batly gadamlar bilen özgerýän Awazanyň gözel görki hakynda, amatly şertleri barada bu gün näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Bu zatlaryň hemmesi milli Liderimiziň syýahatçylygy  ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Döwletimiz tarapyndan syýahatçylyga köp möçberde maýa goýumlary goýberilýär, daşary ýurt maýasy çekilýär. Ýurt Baştutanymyzyň 2007-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky “Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda döredilen milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň möhüm bölegidir.
 

Şu günki günde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülüňlerine gabat gelýän, ajaýyp, içki amatlyklary ýokarlandyrylan myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, we kottejler toplumlarynyň 23-si hem-de “Ýelken” ýaht kluby halka hyzmat edýär.
 
Dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç almaga isleg bildirýänleriň barha köpelýändiginiň sebäbini bolsa bu merkezlerde halka hyzmat etmegiň ýokary derejede alnyp barylýandygy, merkezleriň şertleriniň we amatlyklarynyň ýokarlandyrylandygy bilen düşündirmek bolar.
 
Awazanyň kenaryny merjen mekana öwürjek bu binalarda, desgalarda, sport toplumlarynda halkymyz öz saglygyny dikelder we döwrebap dynç alar.
 
Dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, demirýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlary işläp başlady. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda pajarlap ösýän Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy görmäge gelýärler, halkymyzyň milli gymmatlyklary, baýlyk-barlary bilen gyzyklanarlar.
 
Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar. Jahankeşdeleriň, köp sanly syýahatçylaryňdyr ýurdumyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekip biljek täsin künjekler bolsa, diňe bir Balkan welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatylarynda-da az däldir. Munuň özi hoşniýetli halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hazaryň kenar ýakasynyň ekologiýasynyň Hazar goraghanasynyň ornuny we statusyny ýokarlandyrmaga-da amatly täsir eder. Ol aýratyn goralýan territoriýalary dolandyrmaga täzeçe çemeleşmeler mynasybetli tebigaty goraýyş hem-de syýahatçylyk işiniň nusgasy bolup biler. Ekskursiýalary geçirmek, Hazaryň simwolikasy hem-de tebigy serişdeleriň şekilleri çekilen dürli sowgatlyk zatlary taýýarlamak-bularyň hemmesi goraghana tarapyndan ýerli edaralar we ilat, syýahatçylyk guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup bilýärler.