“Rai Tre” Türkmenistany 2018-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy ugur diýip saýlady.

 

Italýan telekanaly “Rai Tre” tomaşaçylarynyň arasynda geçiren soraşdyrmasynyň esasynda 2018-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy ugurlary beýan etdi. Orient.tm-niň habar bermegine görä soraşdyrmanyň netijesinde “Taryh” kategoriýasynda Türkmenistan birinji orna eýe boldy.

 

Telekanal tarapyndan, has belli ugurlarda düşürilen, syyýahatçylyk hakyndaky birnäçe tele programmalardan soň, dünýäniň dürli künjeklerinde bolan syýahatçylaryň we teletomaşaçylaryň pikirleriniň ele alnandygy bellenilýär.

 

Taryh bilen gyzyklanýanlar üçin Türkmenistanda syýahatçylyk etmek üçin köp taryhy ýerleriň bardygyny belläp geçmek gerek. Türkmenistanyň has özüne çekiji taryhy ýadygärlikleriniň arasynda “Türkmen Stounhendji” – Altyn Depe şäherini agzap bolar. Gadymy şäher taryhçylar tarapyndan Bürünç Asyra (2300-1900 biziň eramyzdan öň) degişli diýip senelendirilýär. Bu ýerde syýahatçylar, gadymy halklaryň protoElam we protoSümer “hatlaryny” ýada salýan piktogrammalary bilen tanşyp bilerler.

Parfiýanyň gadymy şäherleri hem syýahatçylaryň uly ünsüni çekýär, esasanam onuň medeniýet paýtagty – Gadymy Nissa. Beýik Margiananyň şäherleri we galalary hem syýahatçylary biperwaý galdyrmazlar. Hut şu ýerde grekler we rimliler birinji gezek hytaýlar bilen duşdular. Şu ýerde biziň eramyzdan öň 53-nji ýylda, Krassyň Karrlarda ýeňilişe sezewar edilen legionlary gazapdan gaçdylar.

Öz gezeginde Türkmenistanyň gündogar böleginde bolsa orta asyrlaryň taryhy ýädygärlikleri bolçulyk edýär. Şol döwürlerde, medeniýet we ylmy ösüş taýdan şu sebitiň deňi-taýy bolmandyr. Gadymy şäherler, Il-Arslanyň, Tekeşiň, Törebeg-Hanymyň gümmezleri, Kutlug-Timuryň minarasy, Astana-Babanyň gümmezi syýahatçylary hyýallarynda şol döwürlere äkiderler.

Şeýle-de, edil bir aý öň, 1-nji Dekabrda, Türkmenistanda, Beýik Ýüpek ýoly boýunça taryhy-medeniýet ýadygärlikleriniň gazyp-agtaryş işleri we ylmy agtaryş işlerini ýöretmek we medeni mirasy ýaýratmak boýunça Döwlet Maksatnamasy kabul edilendigini ýatladyp geçeliň.