Durmuş - bu syýahatlardan we
açyşlardan durýar
Türkmenistana hoş geldiňiz
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
26
ýyl
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär.
6.2
milýon
Türkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrakdyr. Türkmenistan — köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri ýaşaýarlar.
491.21
müň km 2
Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar.
Türkmenistan syýahat üçin iň gowy ugur diýip saýlandy.
Italýan telekanaly “Rai Tre” tomaşaçylarynyň arasynda geçiren soraşdyrmasynyň esasynda 2018-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy ugurlary beýan etdi. Orient.tm-niň habar bermegine görä soraşdyrmanyň netijesinde “Taryh” kategoriýasynda Türkmenistan birinji orna eýe boldy.
8 Mart baýramyňyzy gutlaýarys!
Gözel baharyň gelmegi näzenin gelin-gyzlarymyzyň güni bolan 8 Mart baýramçylygy bilen utgaşyp, bu baýramçylyga aýratyn bir öwüşgin we syrlylyk berýär.